Millet gutaranda
Adam medi gutarypdyr,
ýa med ony gutarypdyr,
“ölüm” sözün dogry ýazyp bilenok,
söýýän sözi “haramzada”,
millet gutaranda nämeler bolmaz,
ýurt ýykylyp bolar deňizde ada,
ýary tussag, ýary gaçgak, kim ölmez,
adamlar bar, emma sylag, hormat ýok,
talaňçylyk, ýalançylyk dereje,
kim kän hapa sögmek ýaryşy gidýär,
iň ezilen bolýar gyz, gelin, eje.