Dörediji we il
Gýotäniň äheňinde
Dörediji bolsa hakyky adam,
kimse ony saklap bilmez jylawlap,
diýmek hemme çekmeli-de elini,
ýakasyny goýbermeli şahyryň,
ýazyjynyň, hudožnigiň, sazandaň,
içinde bir ody bolsa köreýän,
uçgun bolsa gözlerinde azajyk,
ýüzünde nur, ýagty bolsa pikiri,
gara başyn gowga salyp öldürmän,
ölmez-gülmez etmän goýberse millet,
içirjek bolmasa, içmese özi,
çekdirjek bolmasa, çekmese özi,
gabanmasa gülden gözel göwnüni,
gara gybat bilen ýüregin döwmän,
gaýrat etse ili aýagyn köwmän,
aglamaz ol söýüň diýip, düşüniň,
saklanyp bilmese özüni öwmän.