Atsyz halk
Twitter bar, YouTube bardyr,
bardyr ýene ençe münber,
çyk, gürrüň et, gepiň bolsa,
nepi degjek, sepi açyk,
ýa açylan ýaralary,
dünýä belli garyp iliň
adamlaryn bejermäge,
nämä gerek 105-nji
derejeli gürrüň etmek,
gerekmejek, deregi ýok,
wagtyn alyp birleriniň,
gözün güýmäp, sözün güýmäp,
ýüzli boljak bolmak ýene,
sözli boljak bolmak ýene,
gaýrat et, git, ýolda ýatma,
öýüňde ýat, çekil, adyň
aýdyp bilmän akyl satma!