Şükür et
Her näme diýsinler, öwsünler näçe,
kimiň haýsy tagamy bar, doýulmaz,
niresine syýahat et dünýäniň,
haýsy ýurtda nahar edin ajygyp,
sorasalar diýip 'diýseň ajaýyp!',
ejeň ýagly çöregiçe bolmaz hiç,
ejeň tamdyr gutabyça bolmaz hiç,
gökli gutap, etli gutap, kädili,
ýagly gutap, ýa-da gyzzyrma gutap,
alla bermän, ýandyrmasyn ädiňi.
Dogry, gezmek ömürdendir, söz bolmaz,
dogry, görmek egindendir, gürrüňsiz,
dogry, saglyk agyzdandyr, dawa ýok,
emma ejeň saçagyny, gaýmagyn,
gatygyny, süzmesini ýaradan,
agaranyn, gyzgyn çöregi bilen,
hemişelik beren däldir, ýanyňda
eje gören, ene gören ýar bolsa,
saçagyňda bütin dünýe bar bolsa,
bolsa çörek, tamdyr çöregi ýaly,
bolsa gutap, ysmanakly, kädili,
ýagly gutap ýa-da gyzzyrma gutap,
şükür et sen türmesinde terrorçyň,
gaýgy, gussa içip, iýmeseň kitap.