Bilinýän zatlar
Aýdylan kän: gülýänleriň ählisi
çyny bilen, ýüreginden gülmeýär,
kiçi dilden bärde edilýär gürrüň,
hatda gujaklaşýar, ogşaşýar adam,
hakykatda golaýyndan geçmejek,
guýusyndan bir owurt suw içmejek
adamlary bilen, bialaç bolsa,
emma muny açyk aýdyp bilmeýär.
Bäş wagtyna okaýanyň ählisi,
namazlygy näçe bolsun owadan,
agzyn bekläp, saklansa-da gybatdan,
ýa saklanyp bilmän, dowam etdirise,
bahyllygyn, garalygyn içiniň
jylawlap bilmese, saklap bilmese,
hakykatda ynanmaýar hudaýa,
bar arzuwy bolmak bolýar pul mesi.