Işinden göwni geçeniň agysy
Öňem biri aglaýarmyş ses edip:
“Hiç gidesim, hiç barasym gelenok,
mekdep diýmäň, agzamaň şoň adyny,
ýalbarýaryn, ýeke gezek, bar bolsa,
eşitdiriň iň ýokarka dadymy!..”
Beýlekisi köşeşdirip diýýärmiş:
“Okuwçy däl, uly adam sen indi,
üstesine işleýärsiň mekdepde,
işiň-pişäň çagalary okatmak...”
“Ýok, et diýmäň, manysy ýok bu işiň,
nämä gerek ýok nyşana ok atmak?”