Soň tanarsyň
Ulus-iliň görýän zadyn,
bilýän zadyn KGB-niň,
ogurlygy, egriligi,
iň uludan gaýdan aşak,
ýurdy ýykjak bilin guşap,
aýtsaň bir gün ýürek edip,
ýa aýtjagyň düşündirseň,
gaýt diýseler, gaýtmajagyň
aýdyp, atyň öňe sürseň,
dagy, daşy äsgermeseň,
aş berseler, guş berseler,
ýok, aljak däl diýseň turup,
sen ýurduňda iň birinji,
iň gorkulýan jenaýatçy,
bozgak borsuň, göni durup,
şaýat bolar ýazyjylar,
orden üçin, medal üçin,
ile gabyr gazyjylar,
gorar olar ili çapan,
talan, zorlan zalymlary,
sen sözüne salgylanma,
soň tanarsyň alymlary...