Ýürek ýagtysy
Möwlananyň äheňinde
Meniň ýüregimde penjire bolsa,
seniň ýüregiňde penjire bolsa,
biz görmeris diňe birek-biregi,
dünýäniň bar ýagtylygyn göreris,
syn ederis gözelligne durmuşyň,
guşlar bilen ganat açan, saýraýan,
döwülmesin ýüregimiz esasy,
giň jahana ýagtylygy ýaýraýan.