Gara düýş
Özi gitse, parlamenti,
maslahaty, manysy az,
kazylary, adalatsyz,
kanunlary kagyz eden,
ulanylýan hojalykda,
ähli eden-etdiligi
durmaz, galmaz, işläp bilmez,
dargar gider diýerdiler,
diýerdiler saklanmaz kän,
dowam etmez asla uzak;
gitdi, emma parlamenti,
maslahaty galdy aman,
öňküsi dek, adamlary
täzelendi, has könesin,
has poslusyn tapdy täze,
könäniň könesi bolup,
bolup ulus-ile duzak,
ýa-da iller şeýleräjik
parlamente has ylaýyk,
maslahata has ylaýyk,
kazylara, kanunlary
kagyz eden tutaşdyrlyk,
ähli eden-etdilikler
iliň işi, siliň işi,
näçe ukla, näçe oýan,
unutmak kyn gara düýşi.