Surat

Ýakyn duşman

Saňa hüjüm edýän wagty bigaýrat,
ha aşakdan ha ýokardan, gapdaldan,
göriplikden, gömejek bolup işiňi,
seni goramaýan ýanyňda durup,
belki, gizläp begenjini içdäki,
hüjüm edýän bilen deňdir, pes däldir,
pikir etme bu dünýäde mesele,
diňe doýan, gözi doýmaz mes däldir.

Saňa hüjüm edýän döwlet bolmasa,
hökümet bolmasa türme, terrorly,
garalawçy, aklawçyly, talaňçy,
kazy bolup, kanun bolup oýnaýan,
gurrumsaga şärik, ogurlyk eden,
soň kuwulyp, gany gyzýan, sowaman,
jabjynýandan daňlan köpek mysaly,
seni goramaýan, bilmedik bolup,
dosty-ýaryň däldir, däldir pikirdeş,
bek bolmasaň, bir gün goparar goluň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024