Surat

Täze ýylyň ýol kartasy

Gowy habarlaryň özüňde sakla,
aýdyp ýörme çem gelene, sebäbi,
gyýyljak bar, örtenjek bar içinden,
erbet habarlaryň özüňde sakla,
hatda yzda ejeň ölse, ýat ilde,
ýalňyzlykdan ýer sermenip, aglama,
begenjek bar, perişde däl adamlar,
aram habarlaryň özüňde sakla,
garaş, gowy habar bolsunlar ertir,
öwren açyk bolmazlygy mydama,
çem geleniň girip gitmegi üçin,
soň çykarmak aňsat bolmaz işikden,
hapa aýkgaply geçseler töre,
sakla özüň, gora özüň, ýitirme,
berme eltip diri girene göre.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024