Saňa garaşýan dünýä
O bir şahyr, ady ýadymdan çykdy,
döwülen dünýäni bejermek saňa,
niýetiňe bagly diýip ýazypdyr,
diýipdir ol wagta, zamana bagly
diýilýänler boş gürrüňdir, ynanma
ýa garaşma alla bejerer diýip,
döwülen maşynyň ýa-da penjiräň,
ýadymda, diýipdir döwük-ýenjikler,
göwün ýa-da el-aýagyň, parhy ýok,
seýikleseň biter gider, esasy
niýet edin gowulygy, päkligi,
ýüregiňden isle saglygyn iliň,
öwrenjek bol, öwret pikir etmegi,
dogry-düzüw, egri agaç bolup däl,
düzetjek bol eliň ýeten ýerini,
ýol ýa ýoda, palçyk bolsa, daş düşe,
ýa çöp düşe, aýal, oglan-uşagyň
geçjek ýeri harap bolsa obada,
döwük-ýenjik dileg bilen bitmeýär,
bitir ony, pirin kädä gaba-da.