Lider tapawudy
Sosial mediada Singapuryň we Russiýanyň liderlerini deňeşdirýärler.
Olara ýaradan iki ýol berdi,
birinjisi - öz halkyňy talamak,
öýden çykyp, dur diýeni dalamak,
baý, beg etmek ýakynlaryň, görümsiz,
gülki bolmak, hem ýigrenji jahana,
a soňundan döşe kakyp gygyrmak,
sebäbe däl, ters atlanyp bahana.
Ikinji ýol - öz iliňi baýatmak,
parahor däl, ikiýüzli, egsik däl,
başy belent, mertbeli, dünýäniň
iň ýokarky on iline taý etmek.
Birinjisi aldy ikinji ýoly,
öz ilini garyplykdan çykardy,
bir keçesi ýoga düşedi haly;
ikinjisi, ikinji ýol alnansoň,
alajy ýok, aldy birinji ýoly,
özi ýaly açgözleri çagyryp,
oýun etdi millet görmeýän ýaly,
sebäbi göreni öldürdi, atdy,
şondan ili garyplaryň garyby,
ol baý emma, barha bulaşýar haly.