Soralmadyk hasap
Halk hasabat sorajakmyş ezijiden, zalymdan...
Belki, ol gün geler, umyt, ýazyjydan, alymdan,
sürüsinden samsyk bolup oýnanlaryň telpekli,
tahýa nesli bilen bile, çäreleriň bezegi,
hasap soran, ýa sorajak azda-kände tapylar,
kän gapyny ýapdy açgöz, doýmaz-dolmaz talaňçy,
bir adam däl, bir tohum däl, kän sanasaň – sogapsyz,
halk hasabat sorajakmyş, ýüz elli ýyl ezilýän,
ýöne galan ýüz elli ýyl, sorap bilmän, jogapsyz.