Täze ýyl umydy

Baş terrorçy, gülen bolup ýasama,
bozgakmyşyn, ol obany ýumurdy,
bu şäheri tekizletdi, gitjekler,
aýryljaklar aýrylmasyn, saklansyn,
dowam etsin ata-baba alaman,
giden ýerler gaýtarylsyn yzyna,
sahna gurdy, gizlän bolup ýalanyn,
öz baýlary, täze begleri bilen,
başda durup, ulus-ilin talady,
dilli bolsa pyçaklatdy arkadan,
gije-gündiz gorap saklap galady.

Bilip ýa-da bilmän, oýny kän dünýäň,
göterdiler goltugyndan, öwdüler,
ol “Ýylyň adamy”, “Beýik, täsirli”,
“Syýsatçy”, “Strateg” diýdiler,
bärkisi däl, iň aňyrky dünýäde,
ýöne taryh, gurrumsagy, kümsügi
öz ýerinde goýýar gijikmän käte.

Dogry, diri, öldürýär ol entejik,
raketa atýar, atýar haýbaty,
boýun boluň diýýär göýdük emrine,
ata-baba gul bolduňyz, gul boluň,
emma, alla, Täze ýylda – umydym,
soňy gelýär ahyr iň howply guluň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024