Ýowuz oýun

Döwlet äri bolan bolup o zalym,
urdy iliň çagalaryn taýaksyz,
depesinden düşmän, mätäçlik bilen,
artykmajy bilen öndürip ýylda,
owadan sözlere dolanan gowy,
gymmatbaha sowgat ýaly Täze ýyl,
bezelen arçany bezeýän has-da,
eli ýuka ene, ata, delminip,
aç gözüne garap bilmän çaganyň,
içinden buruldy, içinden öldi,
naçar ili çüňke gaban goçaklar,
hem özgeden, hem özünden öwrüldi,
sowuldy-da gitdi başga bir ýoldan,
olar indi, gör, nije ýyl, bihaýa,
oýun edýär bütin dünýäni aldap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024