Bize näme boldy?

Internetden ozal, alla,
tanatmanka türkmen özün,
eje diýen sözden soňra
käbe bardy, kybla bardy,
jan gelerdi, jiger bilen,
aýdyň sözüm bolsa ýalan,
diýerdiler hudaý gelip,
ýetişmänsoň hemmelere,
eneleri ýaradanmyş,
utanjyndan girip ýere;
indi eje sözi däl-de,
e-si gelse gulagyma,
mediadan, senzurasyz,
baş harpyny eşitdigim,
öçürýärin telefonym,
gara başym tutup ilki,
näme boldy bize, walla?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024