Söz ýarasy

Adam ogly biri-birin
sözi bilen öldürer kän,
gözi bilen öldürer kän,
gowy bolsa, goranmasa,
gapma-garşy, içigara,
dogan bolsun, bolsun ene,
ata bolsun, bolsun aýal,
garalaýan ýakyn, ýady,
dili awy, zäher bolsa,
bolsa bolsun gowy ady,
adam diýlen, bile-göre,
ýa-da bilmän, bolup bilşi,
öldürer öz aýalyny,
ýer eder öz adamsyny,
ogul-gyzyn sözi bilen,
hiç çykmajak ýüreklerden,
dünýe doly, egsilmeýär,
basylyp ýör düreklerden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024