Wezipeli adam

Belki, başda jadyly zat, gowy zat,
galyp bilseň basgançakdan ýokaryk,
wezipeli bolmak, bolmak emelli,
sözi geçýän o ýerlerde, bu ýerde,
iň bolmanda öz süýegin süýreýän
adam bolsaň, dogan-gardaş köpeler,
köpeler dost, ýa ýakymly gürleşýän,
berýän wagty saňa gerek zatlaryň,
guwanjy bar, buýsanjy bar kürsiniň,
ýöne onuň alýan zady biraz soň,
batga beter batdygyňça biliner,
sebäbi bilerler açanlar ýoluň,
ýa gapyny ýapmadyklar nep üçin,
girmesiz ýerlere girip, çykanyň,
kä ýykanyň kada-kanun haýatyn,
başyň aşak, ýüzüň ýere sallanar,
öňküsi dek göwnüň götermez atyň,
bir gün elden alynjagy gümansyz,
mumly ýüplük ýaly bolarsyň ýatyp,
turup işe gitseň, gelseň-de günde,
hiç gözüňe gelmez dünýä, şermende,
pikiriňde, serde baryljak ýerler,
wezipeli bolsaň bolsa-da gowy,
bilýäň ahyr bir gün başyň iýerler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024