Töhmet zyndany

Kerkük'ün zindanına attılar beni. Aýdymdan

Kerkuk zyndanyna atdylar meni,
bir gezek däl, on gezek däl, ýüz gezek,
müň gezek girdaba itdiler meni,
aýlap tutup ýakasyndan penjegmiň,
mazlum sürüsine gatdylar meni,
bir gezek däl, on gezek däl, ýüz gezek,
müň gezek ataşsyz ýakdylar meni,
ýüregini daglap naçar ejemiň,
ýat, keseki bolsa, owarram, belki,
öz türkmenim depdi bilime gelip,
bigünä halyma, hakyň alnynda
hakymy isledim, bar bolsa günäm,
durup bilmän galamyma ýapyşdym,
her türkmen atylsa zyndana nähak,
her türkmen itilse döşünden yza,
men her gezek iteklendim zyndana,
hudaýlygym aýdyp, döz gelip jana,
türkmenimiň bitmez ýarasy ganap...
Kerkukda ýa Stambulda, parhy ne,
parhy näme Aşgabatda, Tejende,
töhmet çukuryna itdiler ilim,
bu dünýede gylsyratdan geçende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024