Agram meselesi

Sen uly bol, ýa kiçijik, aram bol,
öz ýagdaýyň aňşyrmakda mesele,
öz agramyň götermekde mesele,
süýegiňi süýräp, gelip bilmekde,
gelmeli ýeriňe, wagtynda, soňra
gitmeli ýeriňden gidip bilmekde,
howp, hatar abananda, öňünden,
öwünmekde mesele ýok hiç hili,
kim başarmaz öwünmegi, çişmegi,
öwdürmekde mesele ýok hiç haçan,
kim uçurmaz aşyk bolsa agramyň,
hakyn alsa, eşegini suwa kän
ýakanlar bar lolynyň-da, bilýärsiň,
sen uly bol, ýa ortalyk, kiçijik,
agramyňy götermeseň ölýärsiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024