Zor gahryman

O birleri o taýda, geň,
ata-babasynyň gul edip ili,
bir ýerlerden getireni, satany,
gazanjyndan iýip-içip ýatany,
öldüreni üçin ötünç soraýar,
bu taýda birleri öz ilin ezip,
gul edinip, gyrnak edip zorlaýar,
hem döşüne orden dakýar, gahryman,
ýok diýeni türmä basyp horlaýar,
aç öldürýär, ýa gaçyrýar ýurdundan,
soň yzynda galanlardan ar alýar,
hem zor bolýar ýurdun satyp,
iýip-içip, bilmän ýatyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024