Mantyksyz sorag

Nädip beýle ýöntem bolýar aglaýan,
gelmeli ýerine gelip bilmeýär,
akylyna aýlanmaýar talaýan,
bes etmeli wagtyn bilip bilmeýär,
bolan bolup, belki, betiň betinden,
ýa-da günä goýbermeýär itinden,
ýa atyndan tutup, ata çykany,
batga batan ýa-da gana goparyp,
goly bilen alyp bilezikliniň,
barmaklaryn çapyp ýüzükli bolsa,
ili çapan iliň diňe malyny,
mülküni däl, alýar özün özünden,
äýnegini alan ýaly gözünden?

Nädip beýle sada bolýar jemagat,
nädip beýle haýal millet gelmeli,
bilmeli bolanda talaňçy soňsuz,
öz-özünden ýetişende, bolanda,
a talanýan şu güni hem ertiri,
üstesine geçmişini ýitirjek,
many, mantyk galman aýdan sözünde,
näme üçin akylly däl akylly,
näme üçin alymy ýok milletiň,
ýetişmeli bolsa halas etmäge,
nädip beýle ökde bolýar gömükler,
ýöntemlikde gögermäge, bitmäge?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024