Ýowuz hakykat

Iki-ýeke ýazyjynyň, şahyryň,
žurnalistiň işi ýaly milleti
gujak açan gara gorpdan saklamak,
iki-ýeke hukukçynyň, çynçynyň
kysmaty dek bigünäni aklamak,
öz-özüni goýup okuň astynda,
haçan öljek, näme boljak belli däl,
ýa belli däl näçe göýdük kastynda,
bir tarapda gözsüz batyr hökümet,
bir tarapda il diýilýän jemende,
öz-özüne sylagyny ýitiren,
aýajagy az içinde ýykylsaň,
diýjegi kän: Haý, boldy-da, az saňa!
Adam adam ýok ýerinde adam däl,
gara gyş bor tomus bilen ýaz saňa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024