Ýaşaýyş sapagy
Öwretjek kän ýaşamagy,
özi gowy ýaşap, belki,
ýa-da bilmän nämedigin,
ýa ýalňyşyp özi ilki.
Geçirimli bolmalymyş,
kine, kitüw zähermişin,
iýermişin ýürek-bagryň,
diýmek, derrew bagyşlamak,
gowumyşyn özüň üçin,
emma seniň geçireniň,
bagyşlanyň bilmez muny,
ýene eder haýynlygyn,
beterini tapar has-da,
sen özüňi dardan asma,
her agyzly syrtmak salsa,
geçirimli bolan bolup,
aýak basma her gapana,
awy bolup öňýeteniň,
boldy, besdir öň etene,
ganatsyzkaň edenleri,
unutma hiç haýynlygy,
eger aman galjak bolsaň,
gitjek bolsaň öz ýoluňa,
ýetjek bolsaň menziliňe.
Ýaşamagy öwren günde,
ýaraň bilen ýürekdäki,
beýnidäki, düwün-düwün,
öwretjek kän geçirmegi,
döwjek kän bor berseň göwün.