Çydamsyz halk
Baý ülkäniň garyp halky,
kän çapylan, kän talanan,
emma sapak almadyk hiç,
söz berilse, ýazylýar tiz,
ýa ýazylan bolýar aňsat,
kyn bolansoň turmak, durmak,
ýa-da alla bardyr diýip,
köşeşdirjek bolýar özün,
hantamalyk gursun, çekýär,
barly bolsa, agyr sözün,
näme diýse, çydajak ol,
näme etse, çydajak bol,
gaýtargy ýa sorag bermek,
çekinýär ol, edepsizlik
bolaýmasyn birden diýip,
emma gelen duzun iýip,
gideninde, aýtmak aýyp,
gidýär ony samsyk saýyp.
Ýöne biri öz içinden,
çydamasa, aýtsa sözün,
çydajak däl olar, çünki
kiçeltdirjek dälmiş özün.