Dirileriň göri

Güýçli bolmak gerek ýa-da ýatmaly. Lew Tolstoý

Güýçli bolmak gara güýjüň öňünde,
aňsat iş däl, bolmaz adam köpelse,
bolan bolýan, bolup bilmän bolmaly,
boş sözlere bukulmaly, ölmeli,
bahana tapmaly, sebäbi bilen,
synanyşman ýatjak bolsaň, görünmän,
Göroglynyň gylyjy ýok elimde,
gyraty ýok münüp, ugraýyn diýsem,
Agaýunus peri garap dyrnagna,
aýdyp bermez boljak işi, geljegi,
kyrk ýigidim arak içip ýa çekip,
owgan tirýerinden mes bolup güldi,
a soň gerrä geçip, pes bolup öldi,
ýazyjy, şahyrlar satyldy arzan,
žurnalistler, alym, aýdymçy galman,
çärä baryp, bary içmekçi narzan,
diýmek, ýatmak galýar, seniňki dogry,
edeninini eder eli gelenler,
daýy-ýegen, pagonlylar, kim ogry,
kemler molla boldy, bilmersiň artyk,
ýatanlary oýaryp bor gygyrsaň,
ýöne ýatan bolýan, damagyň ýyrtyp,
näçe gygyr gözün açmaz ýa açsa,
görmelisin görüp bilmez, kör bolar,
är gutarsa, ýurt ýykylsa, ýaşaýyş,
ýaşaýyş däl, dirilere gör bolar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024