Esger tejribesi
Öňem biri, urşy geçen aýdypdyr,
başda oglan, gorky-ürki ýat saňa,
taýçanak dek, böküp gidýäň hüjüme,
emma gülle sypandan soň başyňy,
ilkinji posasyn alanyňdan soň,
elbetde, ölmeseň, ýatyp birsellem,
gaýtadan garyma geleniňden soň,
ondan çykyp, gitseň duşman üstüne,
ýa goransaň çykman, içinde durup,
sen ol öňki esger dälsiň, başgasyň,
goý, kim bolsun, yzda durup, parhy ýok,
hüjüme çagyrýan, öňüňe düşmän,
iň arzanlan adam bolar, nyrhy ýok.