Ýurt boljak bolsa
Eger-de ýurt boljak bolsa ýurt ýaly,
eger-de il boljak bolsa il ýaly,
onlarça ýyl onda-munda bukulýan,
näme bolýar, bilip, bilmedik bolýan,
akyly bar, üşügi bar adamlar
gurmaly bor täze ýurdy, binýadyň
üstündäki harabany aýyryp,
ýazmaly bor olar täze kanuny,
kagyzda däl, iş ýüzünde işleýän,
adamlary diňe özlerinden däl,
döwletinden, gara güýçden gorajak,
gorajak olaryň ojagyn, öýün,
enesini, atasyny, çagasyn,
hökümetden, başga pikir aýdylsa,
bulap urýan ýüzündäki maskasyn.
Näme boldy, nirelerden geçildi,
nirde galdy millet, gözi gapylyp,
kim açmaly açyk diýip ýapylan
gapylary, ogurlygy ýaşyrýan,
aýtmaly bor, ýazmaly bor birleri,
diňlemeli bolar gulagy barlar,
okamaly bolar gözi görýänler,
onuň agzyn, munuň gözüni ýapman,
öwrenmeli bolar dünýä seredip,
dünýä bilen ýaşamagy, göz gyrpman,
dogan dogan bilen, ozaly, belki,
biri-birin ýere sokjak başarsa,
kärdeş kärdeş bilen, ozaly, ilki,
ozjak ýaly bolman tozana garsa,
eger-de il boljak bolsa il ýaly,
onlarça ýyl onda-munda bukulýan,
näme bolýar, bilip, bilmedik bolýan,
dürs bolmagyň ýoldugyny bilmeli,
öz-özünden saga, sola sowulman.