Gerekmejek gürrüň

Sen näme üçin gürrüň berjek adama,
ony etdim, muny etdim ýa ýazdym,
aýtjak boldum, diýjek boldum bilýänim,
bilmeýänim biljek boldum wagtynda,
açyklygyň tarapyna ýykyldym,
aýdyňlygyň tarapyna ýykyldym,
gözi boljak boldum gözsüziň, belki,
sözi boljak boldum sözsüziň, belki?..

Sen näme üçin düşündirjek adama,
söz zaýalap, asla açyklyk näme,
ýa aýdyňlyk näme, bilmese köplük,
ýa biljek bolmasa, döwlet elinde,
hökümet elinde gul bolup arzan,
mätäçlige kaýyl bolsa, alladan,
garyplyga maýyl bolsa, hudaýdan,
ýa kysmatdyr diýse, görünip durka,
kim maňlaýyn gara edýär, opurýar
çagalary bilen geçjek geçidin,
kimler gömýär ata-baba içidin,
ýa-da kimler ýardam berýär ýalança,
sen nämäni gürrüň berjek adama,
ylgap baryp, hyzmat edýän talaňça,
ynanmadyk, ynanmajak özüne,
olar ýaşar, odun ýygmaz, geçiner,
elin çoýup başgalaryň közüne...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024