Allaly hudaýsyzlar

Olar alla tabşyrýarlar aldany,
olar haka tabşyrýarlar talany,
dillerin gowşuryp, sorama derek,
ellerin gowşuryp, gorama derek,
maly-mülkün, hak-hukugyn, ojagyn,
ýa-da garaşýarlar, sorasyn başga,
eli boşdur, gelip gorasyn başga,
olar şeýle geçirimli gorkanda,
emma garaw görmejegin bilseler,
her birisi hudaý bolmaga taýyn,
basyp bilen bendesini basgylap,
janyny müň gezek almaga taýyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024