Ýaşynsaň
Seniň gepiň geplemeseň gep bolmaz,
seniň gepiň geplän günüň gep bolar,
näme diýse diýsin saňa goňşular,
arkasyny dirän arkasy bara,
häzirlikçe gepi gep bolan bolýan,
sen gepleseň, men geplesem, birigün
bu gün gepi gep bolýanlar dep bolar,
olar durýar, saklanýarlar depede,
diňe seniň, meniň dymanym üçin,
geplemeseň ömür gepiň gep bolman,
ata-baba agyr derdiň dep bolman,
gulçulygyň soňy gelmän geçersiň,
hem gideňde baky dünýä bu dünýä
gelen däl-de, gelmedik dek göçersiň.