Küsen il

Galam bilen öz-özüne
gabyr gazýan ýazyjyny,
žurnalisti saklap bolmaz,
saklap bolmaz alymlary,
saýlan bolsa zalymlary,
saklap bolmaz aýdymçyny,
sazandany, şowhun edýän,
güni beter boldukça kyn,
hem olary diňleýäni,
saklap bolmaz kazylary,
gabyr gazýan adalata,
hem ýok edýän geňleýäni,
döwlet bolsa durşuna kir,
millet bolsa ýolda kirşen,
saklap bolmaz ösen ýeli,
dogry, bolar synanyşan,
öz göbegin kesen eli,
emma kimse halas etmez
öz-özünden küsen ili.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024