Öňki ministriň sargydy

Päliň azyp barma köşgi-eýwana,
barma tanyş görüp, açdyryp gapy,
ýapyk bolsa eger göni barmaga,
ýa gapynyň arkasynda duranlar
çagyrmasa adyň tutup, gerekläp,
ýöne baryp, görseň görmesiz zady,
ýa tanasaň gapy açyp, ýapýany,
ýa düşünseň öz wagtynda gelmesiz,
ýalňyş ýere geleniňe, pikir et,
nadip çykyp bolar gara çukurdan,
sanamagyň ýerne gözüň gapýany,
seret öňki pul ýyganlar nirede,
ýa kim bolýar uzagyndan, soň gülen,
sogan bilen çörek ýetse, şükür et,
çapylany çapyp, çapylmazdan öň,
nirede bol, bolma hudaýy ýalan,
gapyň arkasyndan ýapylmazdan öň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024