Hoş habar
O bir millet, habarlarda okadym,
birden boldy, ýa uruşdan ýadady,
wagyz gürrüňlerin diňlemeýärmiş,
başlandygy geçip başga kanala,
syýasatdan gaçýarmyşyn aýdym-saz,
ýa warsaky, has başgarak geplere,
ýogsa ozal iliň jaýyn ýumursa,
guwanýardy agyr-agyr toplara,
indi görseň, iren ýaly gowgadan,
sebäbi bar, ýeňilýärmiş goşuny,
o bir millet, gürrüň edýär adamlar,
mundan aňryk goldap, öwüp boşuny,
ogry-jümri hany sylajak dälmiş,
hem talap däl, adat bolan asyrlap,
halal işläp iýjekmişin aşyny.