Surat

Kanun oýny

Kanun bilen adalatyň adyndan
nämeleri etmez başarsa bende,
edenli bor, agyzly bor emeldar,
nämeleri diýmez, garaw görmese,
ne hudaýy, ne imany biler ol,
bir gün işi gaýdyp, bolýança gende,
ejiz diýer: alla jezasyn berse,
ýa açgözler biri-birin gemirse;
adat şeýle, bolsa ygtyýar sende,
eliň gijär, pul düşjekdir her günde,
emma käte çykararlar gireni,
kanunyň adyndan, elbetde, ýene,
adalatyň ady bilen, şermende,
baş kanuny galkan etse öňünde,
edil düýnem öz ilini basgylan,
aşak düşüp, başga bolar düýbünden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024