Ýüregi gözsüzler
Kä adamy, aýlar geçer, tanarsyň,
kä adamy, ýyllar geçer, tanarsyň,
käsi ýakyn, käsi daşdyr, keseki,
ýöne ozal öz gözüňden garansyň,
göwnüň gowy bolsa, gowudyr öýdüp,
göwnüň gara bolsa, erbetdir öýdüp,
öz ýanyňdan baha kesip, ýalňyşyp,
birlerine gaty golaý baransyň,
beýlekiden çekilensiň has daşa,
soň tanarsyň, belki, biraz köp ýaşap,
alla ömür berse, mesele bolar,
aýtmalymy tanaýanyň adama,
onuň eden oýnun, çynyn ýadaman,
ýa çekilip, bir gyrada durmaly?
Bu bir sorag, bu bir uly mesele,
ýüzüme diý, haýkyrarlar ýüzsüzler,
diýseň, beter agyrtjak bor ýüregiň,
a aýtmasaň, şol öňkülik mysaly,
geleňok-la, jaň edeňok diýerler,
eý, alla, kän neden beýle ýüreksiz,
ýa-da azda, köp görünýär gözsüzler?