Surat

Meýletin hassa

Bolan bolmak uly iş,
gülen bolmak uly iş,
aglan bolmak uly iş,
gözüňde hiç nem ýokka,
emma bolmak mesele,
hem mesele ýylgyrmak,
içiň bilen, aňyrdan,
begenjine başganyň,
gynanjyna gynanmak,
kiçi ýaly bolsa-da,
gaty yly mesele;
gülen bolmak uly iş,
aglan bolmak uly iş,
emma bolan bolaňda,
hassa bolsaň ýalandan,
em tapylmaz kesele.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024