Il we ogurlyk
Gömülen taryhy gazyp, agtaryp,
gabyrlary açyp, talap öleni,
dirileri gabap garyp agyla,
tanap bolmaz milletiňi, iliňi,
tanap bolar görüp onuň keçesin,
bir tarap däl, iki ýandan gül basan,
halysyndan tanap bolar milleti,
kiliminden tanap bolar milleti,
jorabyndan, yhlas bilen örülen,
keşdesinden, gaýmasyndan tanarsyň,
nirelerde, haýsy gyrgyndan geçsin,
nirelerden nirelere sürülsin,
ogurlygy islän däldir gözellik,
görk aşygy bolan gyzlar, gelinler,
sen olaryň senedini, arzuwyn,
göwün telwasyny, asyrlap ýaşan,
belki-de ölmejek millet ýaşasa,
ýadygärlik ýazgysyny bozulmaz,
elden ele geçen, göwünden göwne,
ogurlygyň aşagyna düşeme,
perde etme açgözlügiň ýüzüne,
eneňi sylasaň azajyk, saklan,
mamaňy sylasaň azajyk, saklan,
eneň enesini, mamaň mamasyn,
gül gyzlaryn ulus-iliň, gar ýaly,
ýüregi ak çagalary sylasaň,
satylmadyk agalary sylasaň,
duşmanyň öňünden gylyçly çykan,
goýaý indi ogurlygyň, ýurtýykan?!.