Dymmagyň netijesi
“Dil bela, diş gala” diýýärdi millet,
diýýärdi: Gepleme, tamda gulak bar.
Gürlemedi, ýurt guruldy, ýykyldy,
gurluşyklar bükdi bilini iliň,
diş galasy başa bela, iýmese,
içmese-de güni geçmeýär, bilim,
ylym ýoly çöle gaçyp bukuldy,
mekdebi tamamlan, är çykan ýigit,
esger boldy, emma ýazyp bilenok,
iki sözlem, öz saglygy barada,
gije-gündiz goraýarmyş serhedi,
jaň eden kakasy aýtdy arada.