Öç

Adam ölmän ölýär, uzakda galýar,
gelmeli ýerine gelip bilmeýär,
garaşýarlar yzda ses edip, aglap,
ölenleri bilen ölüp bilmeýär,
ýöne girýär gara ýere müň gezek,
gara köýük bolup utançdan, ardan,
dogulmazdy bolsa beýle watanda,
öç alýarlar ondan kesip didardan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024