Iki nadan

Bir nadany getirerler, goýarlar,
alajyň ýok, ýüzde-gözdür, bir gapy,
birnäçe ýyl işleşmeli bolarsyň,
baýramçylyk, toý, ýas, bolar gatnaşyk,
bu-da az dek, ulaldarlar gep tapyp,
sebäbi ol birlerine gerekdir,
üçleşilse, üçleşmeli bolarsyň.

Emma bir gün belli bolar nadanyň
nadanlygy, öz ornunda däldigi,
aýyrarlar, sag bol aýdyp zyňarlar,
ak kagyz dek ulanylan, gerek däl,
adam pahyr, gynanarsyň, elbetde,
ýöne indi alajyň bar, görmersiň,
islemeseň, çakylyga barmarsyň,
al ol geljek bolar, gatnaşjak bolar,
ozal saňa kesek kimin salynan,
çekileniň gaty görer, daş salar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024