Akyl satma, wada berme

Ýok, sen ownuk dawalara goşulma,
akyl satma, bagtly etmek bagtsyzy,
oýun iş däl, golaýyna gelme hiç,
sowulyp geç hatda çyksa öňüňden,
azat etjek diýme azatlyk näme,
bilmejege onuň A-syn iru-giç,
sen adamy bagtly edip bilmersiň,
bagtyň B harpyny bilmeýän bolsa,
sen adamy tagtly edip bilmersiň,
tagtyň T harpyny bilmeýän bolsa,
gülki bolup ýören ulusy dünýä,
öz halyna aglap, gülmeýän bolsa.

Eger özi gözlemese, gelmese,
barma ile, dawasyna goşulma,
dogry, biraz düzüw bolsaň öňküden,
ýa soňkudan dokmäderäk görünseň,
göwnüň ýetse jylawyna islegiň,
gara nebse buýrup bilseň iki gün,
barsaň, akyl satsaň, alsalar biraz,
biraz gowy bolup biler durmuşy,
adamlaryň, eger köplük islese,
islemese, wada berme hiç haçan,
açlyk näme, dokluk näme, bilmeseň,
iň gowusy otur-da gül özüňe,
çydap bolmaz bu hasrata gülmeseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024