Ogurlanan ynam

Her adama, ynanaňda, aýdylan,
hanjar ýa-da gylyç berýäň eline,
soň ol onda seni gorap-da biler,
goraman-da, bu beteri, aýby däl,
öldürip-de biler doganyň seni,
dostlaryň, satylan iki köpüge,
gynanarsyň özüňe däl, utanyp,
saçagyň başynda arlan süpüge,
türmede duranda ýüzüňe gelip,
ýa ýat ilde ursa arkaňdan pyçak,
bu bolan zat, bolmaly zat, belki-de,
geçirimli bolan bolup, giň bolup,
batga batdyk gurap ýatan ülkede.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024