Adam hukugy

Adamyň hukugy gelen bolmak däl,
aglan bolmak, gülen bolmak däl diňe,
ýaşamak täk dogulanyň islegi,
adam ýaly, ölen bolmak däl diňe.

Hiç kim turup, ýa epilip öňünde,
hiç zalyma başyn egmez meýletin;
kiçi islär kiçeltmegi ulyny,
açgöz iýer bolsa, egniniň etin.

Ýok o millet, ýok bu tire, aýratyn,
basyp alsyn, baky galsyn tagtynda;
eger turup, mertebäňi gorasaň,
tegmil borsuň her namardyň bagtynda.

Dişine çen ýaraglanan nökerli,
ur diýseň, öldürýän ilaty bilen,
mertebeli, ar-namysly milleti,
diri galyp bilmän, ýok eder ölen.

Ýok, sen oňa aýtmaly däl sözüňi,
ýok, sen oňa alartmarsyň gözüňi,
ol ogurlar bütin ömrüň bukulman,
sen şat bolup, güldürmeli ýüzüňi!

Ýogsa dälihana, zyndan ýazylar,
maňlaýyňa, aýtmyşlaýyn jellatlar,
ýa-da başga kän usuly gömmegiň
adamy hudaýyň üstünden ätläp.

Adamyň hukugy, berilmez arzan,
ýa-da ony almak alan bolmak däl,
bu iş işi däldir meger kümsügiň,
göreşmek kyn, diňe galan bolmak däl.

Däl ol asla bokurdaga bat bermek,
ýa döşüňi ýara etmek, agyrtman,
bahasyny berjek diýýän bermez oň,
sebäbi soralýan bolar şirin jan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024