Seniň ýoluň

As you start to walk on the way, the way appears. Rumi

Ýola çykyp, ýöremeseň, ýol bolmaz,
ýoda bolmaz hatda inçejik, solak,
geläý diýip, ýöräý diýip ýalbarýan,
a gelmeseň, göwün edip, öýkeläp,
aýakgabyň alyp, boýnuna urýan;
bu öz işiň, seniň işiň, başgalar,
goý, doganyň bolsun, bolsun dolanan,
öz işleri ýeterlikdir, sag bolsaň,
turmalysyň, durmalysyň aýakda,
ýa bolmasa, bagtyň gözläp taýakda,
sütemkäriň goragynda durmaly,
öz-özüňe dikip agajyn daryň,
soňra bir gün toba edip şumjarsaň,
basgylansaň, alyp bilmeseň aryň,
iň erbedi ýaşan ýaşyň bilmersiň,
ýola çykyp, ýöremeseň, ýol bolmaz,
sen soň gaýdyp öz-özüňe gelmersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024