Ýalan döwlete gerek ýalan

Ýalan edebiýat, ýalan goşgular,
öli doglan kyssa gerek döwlete,
taryh gerek boýdan-başa ýoýulan,
alym gerek oňa messepsiz diňe,
seredip bilmänsoň özi gözüne,
göni garap aýnadaky ýüzüne,
ýalan agy gerek ýalan döwlete,
ýalan gülki gerek, çyny gerek däl,
bagly bular ozal-başdan niýete.

Beýik bolmak başgalary peseldip,
meger, pesiň gutulmajak keseli,
ýagtyltjak ol öz işigin, özgäniň
ojagyny, odun öçürip garşy,
çyplak özi, müň ýalana çolanjak,
özi başlap, soňra aklajak urşy,
goranyş däl, hüjüm urşun, sebäbi
goranmagyň usulymyş bu ajap,
bolup biljek dälmiş duşmanyň hurşy...

Ýalan gerek hökümdara ýalançy,
öz ilini talan, ýetmese güýji
goňşulara, uzak, ýakyn ýurtlara,
şahyr gerek oňa ýalançy, gowy,
ýazyjylar gerek, gerek žurnalist,
gerekli gürrüňi çar ýana sowup,
gereksiz gürrüňi getirýän, dakýan
monjuk edip başyn egen millete,
orden-medal, jäjek dakyp döşüne,
hormatly at, derejäni seçeläp,
bökejeklän bolsa, ýygnap goşuna,
öň hatara çagyrmaly, çekmeli,
gapar ýaly açjak gözüni halkyň,
alyp gaçyp aýtjak sözüni halkyň,
diýmeli siz: arpa-bugdaý ekmeli,
jandan eziz mekgejöwen, bilýäňiz,
ak pagtany ak bagtyňyz saýmaly,
aýdymlaryn aýdyp belentden bagşy,
sazlaryny belent çalyp sazanda,
bu döwrany bütin dünýä ýaýmaly,
waspyny, tarypyn etmeli döwrüň,
ýalan ýazýan gerek ýalan döwlete,
hakykatdan sowlup, etmäge öwrüm.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024