Uruş we hakykat
Eger döwür ýüzüni hem ýeňsesin,
gözümize dürtüp, açmadyk bolsa,
biz bilmezdik, asla pikir etmezdik,
ýa-da pikir etsek, ýüzleý ederdik,
golaýyna gelmän, geçip giderdik,
uruş näme hakykatda, durmuşda,
hakydada başga, kitapda başga,
kinolarda başga, başga aýdymda,
biz ýaşlygy gazetlerde ýitirdik,
biz ömrümiz ýele berdik, ulalyp,
oňalmadyk şahyrlara aňalyp,
eger döwür gözümizi açmasa,
şeýle gelip, belki, şeýle öterdik.
Ýaş ýetginjek, okamaga başga zat,
ýa görmäge başga kinomyz ýokdy,
näme aýtsa, näme ýazsa, sorag ýok,
taryhçy, ýazyjy, harbylar hakdy,
mamladylar, çünki urşa gidenler
goraýardy watanyny, ilini,
diýmek bizi, indi dogjak nesili,
buýsanýardyk ýere urup pilini,
tapsa alym kaska bilen ýaragy,
gapdalynda şindi ýere siňmedik,
urup ýatan janly, soldat ýüregin.
Beýik Wolga, eziz howa, erteki,
adam sesi bilen gürledýär ony,
gaty dogry, ýerde galan gaty kän,
ýöne buýruk, ýere siňse gül ýüzler,
nädip ýerne ýetirilsin, kapitan?
Biz ol urşy kim başlady, bilmezdik,
kim nämäni maksat etdi, utuldy,
kimler utdy, hasabyna milletiň,
ýesir alnan öz ilinde sergezdan,
haýsy ýalan, haýsysy çyn sözleriň,
uruş hakda bolsa, waraklap baryn,
görjek bolup agamyzyň gözlerin,
tapjak bolup babamyzyň yzlaryn,
niräň niresinde guma garylan,
kime näme bergisi bar tokaýda,
gara başyn goýup, gelmedik yza,
biljek bolup gözleýärdik, diýýärdik:
uly şahyr ýazsa, ýazmaz-a galat,
front ýollarynda gödek soldata
aşyk bolan gyzy özünden toslap,
ýazmaz-a alymlar bilmeýän zadyn,
düşünmeýän zadyn, belki, hiç haçan
düşünmejek zadyn, gyrasyn görmän,
ýeri, näme gürrüň berdi, bermedi,
agzyn açsa ertir gitjekler türmä?
Biz bu zada giç düşündik, giç geldik,
uruş gözümize dürtensoň barmak,
biziň uly diýýänimiz çagajyk,
o ýerdäki urşa düşünýän şahyr,
bu ýerdäki urşa düşünmän, pahyr,
boýun alýar özi bilmän, megerem,
uruş mazar eker, polky ýok eder,
hem gelmedik ýigitleriň yzynda
ejizleriň açgöz polkun döreder,
soň olary ýeňmek özüňde ilki,
kim sen, näme, deregiňe sereder.