Täze ýyl bolsadysy

Mekdep diňe tahýa geýen, eýjejik,
taýak iýen ýa-da indi iýmeli,
döwülmeli çagalaryň ýeri däl,
ata-baba döwüleni az ýaly,
ýeri, belki, öz ýoluny saýlaýan,
bilip biljek sagy bilen soluny,
aň-üşükliň çykjak ýeri, zawody;
olar näme okaýanyn bilmeýän,
ýüreginde naçar enäň perýady,
gözünde gorkusy gorkan atanyň,
diňlän bolýan, ýazan bolýan ýygnakda,
durşy bilen galam bolan adam däl,
durşy bilen sorag bolan adamlar,
biljek bolýan ýalan näme, çyn näme,
sorap bilýän soragyny çekinmän,
jogap berip biljek soralsa ertir,
ýüzi açyk, açyk kalby, beýnisi,
saýawan dek açyk adam bolmaly,
bolmaly däl açylmajak paraşýut,
ili arka alyp, bökse ýokardan,
her bir çaga, gowy, erbet okaýan,
ýazykly däl, erkin adam bolmaly,
il üçin däl, özi üçin ozaly,
mekdep halky ýapmak üçin açylman,
bolsa ilki azatlygyň gazaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024