Gülüp bilýän wagtyň

Sen özüňi öwme, döwme,
wagt ýitirme gürrüň berip,
ynandyrjak bolma kimsä
nirelerde näme etdiň,
kimi satdyň ýa satmadyň,
ýa kim seni satrdy arzan,
nirelerden geçdiň abat,
nirelerde ýaralandyň,
ýa-da boldy ýene näme,
nämeleri başarmadyň,
saňa derek bu işleri
eder gowy komsomollar,
kommunistler, öňki, dogry,
adam satan aýlyk alyp,
ýa aýlyksyz bolan ogry,
at-abraý ogurlaýan,
palçyk zyňýan tämiz bolsaň,
özi akja bolar ýaly,
diňle käte olary sen,
gülüp bilýän wagtyň, häli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024